logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  29.03.2023
741
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda etrabymyzda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de Kaka etrabynyň 7-nji orta mekdebinde  Kaka etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň Kaka etrap birleşmesiniň, gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler, ruhy taýdan beden taýdan sagdyn ýaşlaryň  döwletiň, jemgyýetiň esasy bolup durýandygy, ata-babalarymyzdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryň ýaşlarymyz üçin görelde hem terbiýe mekdebidigi dogrusyndaky täsirli gürrüňleri ünsi özüne çekdi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilmeginiň her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýändigi, milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň terbiýeçilik ähmiýete eýedigi barada aýdylanlar bolsa, duşuşyga gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan sahawatly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Maýa BAÝLYÝEWA,

Kaka etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň müdiri.