logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  05.04.2023
853
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda  maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak  hem-de ýaramaz  endiklerden  daşda durmak  boýunça  wagyz-nesihat  duşuşygy geçirildi. Bu çärä  tehniki hyzmat ediş kärhanasynda zähmet çekýän  işgärleri hem-de tejen etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary  gatnaşdy. 

Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli  Liderimiz, Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  ýolbaşçylygynda Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Hormatly  Prezidentimiziň «Watan diňe  halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir»  diýen baş ýörelgesi  esasynda ýurdumyzyň  welaýatlarynda  we  etraplarynda dürli  işler  amala  aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen şygarlaryna esaslanyp geljegimiz  bolan  ýaşlary  terbiýelemekde    maşgala mukaddeslikleri  milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmekde, ynsan saglygyna zyýan ýetirip bilýän  ýaramaz endiklerden daşda durmaklygy nygtalyp ýaşlara berilýän terbiýe  milli  ýol-ýörelgelerden ugur alynýar. Çünki  milli  ýörelgeler ata  babalarymyzyň,  ene-mamalarymyzyň  durmuş tejribeleriniň kämil nusgasydyr diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Çärä gatnaşanlar şeýle  wagyz-nesihat çäreleriniň ýygy-ýygydan gurnalyp durulmagy ösüp gelýän ýaş nesil üçin aýratyn orun tutýar diýip bellediler hem-de ýurdumyzda halkymyzyň gelejegi üçin döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.  

 

Hojanepes HOJABERDIÝEW,

Tejen etrabynyň Tehniki hyzmat ediş
kärhanasynyň  kärdeşler  arkalaşyklarynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.