logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat işleri geçirilýär
  04.08.2021
682
Wagyz-nesihat işleri geçirilýär

Golaýda etrap häkimliginiñ, etrabyñ jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň 18-nji orta mekdebinde mekdep mugallymlarynyň hem-de ata-eneleriň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýygnaga daşyndan arassacylyk gullugynyñ wekilleri we oba sagkyk öýiniñ lukmanlary gatnaşdylar. Ýygnakda çykyş edenler Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 01-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp  merdana we ruhybelent halkymyzyň maşgala agzybirligini, jebisligini berkitmek, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak şeýle hem dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda bolup bu ugurda üstünlikli işler alyp barmagyň zerurdygy barada durulup geçdiler.                    

     Ýygnagyň dowamynda Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugrunyň durmuşa geçirilmegine, esasan-da, jemgiýetde bitewiligi we agzybirligi mundan beýläk-de berkitmäge ýakyndan ýardam berýär. Watanymyzyň gülläp ösüşi, eşretli durmuşyň gadyryny bilmek, tertip-düzgün dogrusynda alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek hem-de giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde alnyp barylýan işler dogrusynda aýdylyp geçildi. Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.