logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat işleri geçirilýär
  05.10.2021
646
Wagyz-nesihat işleri geçirilýär

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanşykly Sarahs etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda, etrabyň çägindäki edara-kärhanalarda, guramalarda ildeşlerimiziň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, arassaçylyk – sanitariýa düzgünlerini berk berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen  wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Etrabyň polisiýa bölüminiň, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglyk ulgamynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilýän duşuşyklarda ýurdumyzda ildeşlerimiziň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän işleriň ähmiýeti we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy dogrusynda aýdylyp geçilýär. Geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda çykyş edýänler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz – burun örtüklerini doly we dogry ulanmaklaryny 2 metr howpsuz araçägi saklamaklygy, toý dabaralaryny we milli däp-dessurlary çäklendirmeklerini,  pasyl çalşygynda  ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin kesellerden goranmaklaryny, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň möhümdigini aýratyn bellenilýär we işde öýde otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan çalyşmak, ýüzärlik tütetmeklerini, jemgyýetçilik arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmek bilen baglanşykly gymmatly öwüt ündewleri aýdylýar.