logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  02.06.2023
729
Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda golaýda Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynda Tejen etrap häkimliginiň hem-de  jemgyýetçilik guramalarynyň  bilelikde gurnamagynda  maşgala agzybirligi, raýatlaryň  saglygyny gorap saklamak hem-de ýaramaz endiklerden daşda durmak barada wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata etrabyň edara-kärhanalarynda  zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Maslahata gatnaşanlar öz çykyşlarynda  ilat arasynda durmuşa geçirilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar hem-de olary ýerine ýetirmekde, maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar çykyşlaryň ahyrynda  Gahryman arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutýan-tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Leýli ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.