logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat topary ilatyň arasynda
  11.03.2020
880
Wagyz-nesihat topary ilatyň arasynda

       Sagdyn durmuş ýörelgelerini we milli däp-dessurlary wagyz-nesihat etmek maksady bilen welaýat häkimligi tarapyndan döredilen topar şu günler guramalarda, edara-kärhanalarda, şol sanda  bilim ojaklarynda wagyz-nesihat maslahatlaryny geçirýärler.  Şeýle maslahatlaryň biri-de welaýat häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde boldy. Oňa talyp ýaşlardyr mugallymlar gatnaşdy.

       Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden hem-de beýleki degişli hünärmenlerden düzülen wagyz-nesihat  toparynyň agzalary maslahatyň barşynda Arkadagly döwrümizde ýurdumyzyň gurşap alan taryhy ähmiýetli ösüşler barada täsirli gürrüň berdiler. Olar döwrebap derejede bilim almaga, hünär öwrenmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge döredilen giň amatlyklar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.

        Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzirki taryhy döwürde milli däp-dessurlarymyz durmuşa giňden ornaşdyrmakda, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, gadymy mirasymyzy içgin öwrenmekde we dünýä çykarmakda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, milli gymmatlyklarymyza eýerip, olaryň kämilleşmegine we geljekki nesillere ýetirilmegine her bir adam mynasyp goşant goşmalydyr.

        Maslahatda gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlaryň ähmiýeti we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň peýdasy ündeldi, şonuň bilen baglanyşykly oňa gatnaşyjylar bilen özara sowal-jogap alşyldy.