logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Wan kölüniň suwy yza çekilýär!
  08.12.2022
1266
Wan kölüniň suwy yza çekilýär!

Wan köli Türkiýäniň Wan we Bitlis welaýatlarynyň serhedinde ýerleşýän Nemrut wulkan dagynyň atylmagy netijesinde emele gelen köldür. Wan kölüniň üstki meýdany 3,713 km² deň bolup durýar.

Geçirilen gözleglere görä, ygalyň azalmagy we köldäki suwuň çalt bugarmagy sebäpli Wan kölüniň suwy yza çekilmegini dowam edýär. Kölüň käbir sebitlerinde suw takmynan 3 kilometrinde yza çekildi.

Alymlar kölüň ýaşyny 600 müň ýyl diýip kesgitleýärler. Kölde fitoplanktonlaryň 103 görnüşi, zooplanktonlaryň 36 görnüşi we balyklaryň iki görnüşi ýaşaýar.

Köl wulkan atylmagy netijesinde döränsoň duzly we gazly bolup durýar. Kölüň umumy uzynlygy 120 km, ini 80 km, ortaça çuňlugy 171 metr, iň çuň nokady 451 metr bolup durýar.