logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Watan gahrymanlaryna şöhrat
  08.05.2025
822
Watan gahrymanlaryna şöhrat

Ýakynda Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde Tejen etrap häkimliginiň , Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Watan gahrymanlaryna şöhrat” ady bilen beýik gymmatlyklary bolan parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrýan sene 1941-1945-nji​ ýylyň Beýik watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 80 -ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnaga il-sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, Etrabyň edara-kärhanalarynda hem-de bilim bölüminde zähmet çekýän işgärler işjeň gatnaşdylar.

 

Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde parahatçylygy giňden ýaýbaňlandyrmakda alnyp barylýan işler barada buýsanç bilen bellediler. Şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwer däplerine esaslanýan bu syýahat häzirki wagtda bitirilýän işlerde öz beýanyny tapýar.

 

Gülbahar ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni.