logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Watan gahrymanlarynyň şanyna
  08.05.2021
613
Watan gahrymanlarynyň şanyna

     1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli şu günler Ahal welaýatynda giň gerim alan baýramçylyk dabaralary we duşuşyklary Watan gerçeklerine goýulýan çäksiz sylag-sarpany alamatlandyrýar. Uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, bu gün mukaddes ýar ojagyny saklap oturan enelere we tylda zähmet çeken ildeşlerimize baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy şanly senäniň hormatyna ýaýbaňlandyrylan dabaralara baý many çaýýar.

      Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabara welaýat derejesindäki baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan eneler we tylda zähmet çeken ildeşlerimiz baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular.

      Dabara baýramçylyk gutlag çykyşlary bilen başlandy. Çykyşlarda  Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlaglar beýan edildi, berkarar Watanymyzda  uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de tylda zähmet çeken ak saçly enelere goýulýan bimöçber sylag-sarpa dogrusynda gürrüň edildi.

     Watan gahrymanlarynyň sarpasyny belende göterýändigi, uruş weteranlaryny aýratyn üns-alada bilen gurşandygy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabara gatnaşyjylaryň diliniň senasyna öwrüldi. Dabarada urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de tylda zähmet çeken ak saçly enelere, beýleki ildeşlerimize gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi.

      Dabaranyň dowamynda welaýatyň tanymal aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly sungat çykyşlarynda Watan gerçekleriniň waspy belentden ýetirilip, ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi.