logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /“Watan gerçeklerine şöhrat!”
  10.05.2021
696
“Watan gerçeklerine şöhrat!”

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uruş we zähmet weteranlarynyň sarpasynyň belentden tutulmagy hem-de uruşda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň maddy-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy Watan üçin jan beren edermen gerçeklere goýulýan çäksiz sylag-hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

      1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76 ýyllygynyň bellenilýän günleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy döş gerip goran gerçekleriň, frontda geçen gahrymançylykly zähmet ýoluny ýatlamak, ruhlaryny şat etmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Geçmişe siňip barýan her bir günlerimiz bizi şol agyr günlerden näçe daşlaşdyrsada uruşda gazanylan taryhy ýeňiş ýatlanylmaga, ýaş nesillerimiz tarapyndan öwrenilmäge mynasypdyr. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýaty boýunça 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Şeýle-de, bu günki dabaraly çärede Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen ýadygärlik sowgatlary üçin uruş we zähmet weteranlary Hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Hut şeýle mazmundaky dabaraly çäre Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň medeniýet öýünde hem geçirildi. Dabaraly çärä Ak bugdaý etrabynyň Bilim işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, Watan goragçylary, şeýle-de uruş ýyllarynda zähmet çeken weteranlar gatnaşdylar. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň hoş owazly aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetiren täsirli çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy-lezzet paýlady. Şeýle-de, Ak bugdaý etrap häkimligi we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bu geçirilen dabaraly çärä barmaga mümkinçiligi bolmadyk uruş ýyllarynda zähmet çeken weteranlaryň maşgala ojaklaryna baryp Hormatly Prezidentimiz tarapyndan berlen gymmatbahaly sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň döredýän ýeňillikleri, ruhy hem maddy taýdan edýän hemaýatlary üçin Watandaşlarymyzyň, il sylagly ýaşulylarymyzyň alkyşlary çäksizdir. Biziň bagtly geljegmiz üçin şirin janyny gaýgyrman söweş meýdanynda wepat bolan gerçeklere, uruş weteranlaryna tagzym edip, başymyzy egýäris!