logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Watan goragçylarynyň güni
  27.01.2021
1716
Watan goragçylarynyň güni

     Türkmenistan Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek ýyly bolan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda halkymyz toý-baýramlarymyzy uly dabara bilen belläp geçýär. Şeýle baýramçylyklaryň biri hem ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly ruhubelentlikde bellenip geçilýän Watan goragçylarynyň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen günidir. Döredilen wagtyndan bäri geçen 29 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýady döwrebap söweş tehnikalary we tilsimatlary bilen berkidilip, ýurdumyzyň çäk bitewüliginiň hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň ykraryna öwrüldi. Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran gahryman pederlerimiziň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we dost doganlyk ýörelgelerini harby däplerine ornaşdyran Milli goşunymyz bu günki gün eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň guwanjydyr. Durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde parahatçylygy maksat edinýän Ýaragly Güýçlerimiziň harby sungaty hem-de harby gullukçylaryň harby hünär başarnygy we söweşjeň taýýarlygy has-da kämilleşýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri islendik döwürde Watanymyzy gala bolup goramaga taýýarlygymyzyň kuwwatly binýady bolmalydyr. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylar gadymy hem müdimi halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr. Watan goragynyň biziň süňňümizde, janymyzda ýaşaýandygynyň güwäsidir. Ýaş merdana harby gullukçylaryň uçganaklaýan nazarlary, olaryň batyrgaý keşbi ata-babalaryň gaýratlylyk, mertlik, sabyrlylyk, asyllylyk, edeplilik ündewlerine wepalylygyň alamatydyr» diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň nyşanydyr. Merdana Watan goragçylaryna bildirilýän ynam eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň beýik ynamydyr.