logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /Watan goragçylarynyň her biriniň köňlünde mert pederleriň ruhy bar
  25.10.2019
1009
Watan goragçylarynyň her biriniň köňlünde mert pederleriň ruhy bar

    Merdana türkmen halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhy bar. Bu taryh halkymyzyň edermen ogullarynyň gahrymançylygyna beslenendir. Şonuň üçin Oguz hanyň, Togrul begiň, Çagry begiň Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň, Baýram hanyň, Görogly begiň, Gökdepe galasynyň goragynda hem-de ata Watanymyzyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde tapawutlanan gahrymanlaryň atlary taryhymyzyň sahypalarynda ebedilik orun aldy.

            Biz türkmeniň täze taryhynyň dörän, Beýik galkynyş eýýamymyza mynasyp ýeňişleriň gazanylan döwründe ýaşaýarys. Garaşsyz Türkmenistana gulluk edýäris. Watan goragçylarynyň her biriniň köňlünde mert pederleriň ruhy bar. Milli goşunlarymyzyň harby gullukçylary merdana ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirýärler we berkarar döwletimize gulluk edýändiklerine buýsanýarlar.

         Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhammedow „Ata-babalarymyzyň arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watany Garaşsyz Türkmensitan biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şanly-şöhratyny has-da belende götermek uly borçdyr. Beýik Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan biziň söýgümize beslenmelidir, päk zähmetimiz bilen gülläp ösmelidir, watançylyk duýgumyz bilen mäkäm goramalydyr“ diýip, Watan goragçylaryna sargyt edýär. Mertebesi belent Prezidentimiziň sargytlaryny durmuşa geçirmek biziň üçin parzdyr. Şоl bir wagtda halkymyzyň parahat, abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmegi maksat edinýän Türkmenistanyň Harby doktrinasy esasynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeleriň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň häzirki zaman tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilmegi, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegi, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän häzirki zaman harby şäherçeleriniň we serhet galalarynyň gurulýandygy, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýşy we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilýändigi bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.