logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Watan goragy mukaddesdir
  13.10.2020
897
Watan goragy mukaddesdir

       Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde çagyryş boýunça harby gullugy geçen harby gullukçylaryň hem-de nobatdaky çagyrylyş möwsüminde harby gulluga gitjek ýaşlaryň gatnaşmagynda dabara geçirildi. «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» degişli resminamalary ýerine ýetirmek maksadyndan ugur alnyp geçirilen bu dabarany welaýat häkimligi, welaýatyň harby wekilligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.  

Dabarada Watan mukaddesligi, eziz Watanymyzy ýürekden söýmegiň we onuň öňündäki harby borjy ýerine ýetirmegiň mukaddesligi barada söz açyldy,  şonuň bilen baglanyşykly ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler berildi, şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçip, ätiýaçlyga goýberilýän, şeýle-de nobatdaky çagyrylyş möwsüminde Watan borjuny ýerine ýetirmäge ugraýan ýaşlara ýagşy arzuwlar aýdyldy.

 Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Watan goragçylaryndan düzülen aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara baý öwüşgin goşdy. Sungat çykyşlary Watan mukaddesliginiň, watansöýüjiligiň we asuda durmuşymyzyň joşgunly beýany bolup, kalplary heýjana getirdi.