Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Watan mukaddesdir!
  15.09.2020
1893
Watan mukaddesdir!

Watan mukaddesligi, Watan söýginiň çuňlugy, Watan mertebesiniň belentligi ýaly düşünjeler edermen hem mert pederlerimiz tarapyndan goralyp we sarpalanyp, biziň günlerimize çenli özüniň kämilligidir päkligi bilen gelip ýeten ruhy gymmatlyklardyr. Watan! Gör, nähili mukaddes, kalby heýjana getiriji söz. Watan — ata-babalarymyzyň her daban ýerini gözleriniň göreji deýin gorap, nesillerine miras goýan mesgeni. Onda biziň şöhratly taryhymyz, şu günki bagtyýarlygymyz we şanly geljegimiz bar.

Watan ykbaly, Watan bilen bagly her bir ädim ata-babalarymyzyň synmaz ruhuna wepalylygymyzyň alamaty bolup duýulýar. Şonuň üçin Watan hemme döwürlerde-de mukaddes saýylypdyr. Watan topragynda äden her bir ädimimiz bize güýç-kuwwat berýär. Watanyň gujagyndaky asudalyk we rahatlyk kalbymyza ýylylyk paýlaýar. Hut şonuň üçinem, biz Watanymyzy ähli zatdan eý görüp, ýürekden söýmelidiris. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz milli gymmatlyklaryna daýanyp, netijeli ösýän we beýik özgertmeleri amala aşyrýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde täzeçilligiň we beýik ösüşleriň ýakymyny duýmak bolýar. Ata- Watanymyzyň her daban ýeri — gözümiziň röwşeni. Watansöýüji pederlerimiziň söýgüsi, mähri siňen toprak — biziň üçin mukaddesdir! Türmen halkynyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplarynda hem beýan edilişi ýaly, Watan özüne ak ýürek bilen hyzmat edenleri, mertebesini beýgelden merdanalary belentlige göterýär. «Watan» atly mukaddesligiň goragynda, hyzmatynda durmak biziň her birimiz üçin parzdyr. Sebäbi ynsan üçin Watany goramak, oňa ähli yhlasyňy, gujur-gaýratyňy bagyş etmek uly bagtdyr. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr. Watany goramak borjy Watanyň gadyr-gymmatyna çensiz uly sarpa goýýan il-halkymyzyň damarynda ýaşaýar».