Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Watançy ruhly akyldar şahyr
  03.03.2023
1416
Watançy ruhly akyldar şahyr

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
 

Magtymgulynyň paýhasly dünýäsi, çuň many-mazmunly döredijiligi gözýetmez ummandyr. Şahyryň setirlerinden biz özümize gerekli paýhasly sözleri, jaýdar maslahatlary, göwnüňe hoş ýakýan pikirleri, düşünjeleri tapyp bilýäris. Ol setirlerde biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz bar. Ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde, olarda il-ýurt, Watan mukaddesligi, agzybirlik, arkalaşyk, dost-doganlyk ýaly duýgulary kemala getirmekde şahyryň şygyrlary gory gowzamaýan hazyna mysalydyr.

Ata-babalarymyz Garaşsyzlygyň, özbaşdak döwletliligiň arzuwynda ýaşapdyrlar. Olaryň arzuw-hyýallary şol agyr döwürde ýaşap, milletimiziň diline we ar-namysyna öwrülen akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň, danalarymyzyň döredijiligine, pähim-paýhasyna uly täsir edipdir. Olar akyldar şahyryň döredijiliginde özüniň çuňňur beýanyny tapypdyr.

Gahryman Arkadagymyz beýik şahyra: «Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr» diýip, jaýdar baha berýär. Munuň özi türkmen halkynyň Garaşsyzlyga eýe bolup, agzybir, sarsmaz döwlet gurmagynda şahyryň uly ornunyň bardygyny aňladýar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän we türkmen halkyna peşgeş beren «Döwlet guşy» romanynda-da Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Haçan-da, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny okanyňda, beýik söz ussadynyň ynsanperwerlige, halallyga, agzybirlige, jebislige, mertlige, şeýle-de ruhubelentlige çagyrýan şygyrlary romanyň wakalary bilen sazlaşyp gidýär. Bu romanyň  hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasydygyny, kämil ylhamydygyny, mundan başga-da, döredijilikdäki öndümli miwesidigini aýratyn bellemelidiris.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä gulluk edilýän döwürde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän türkmen döwletiniň garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-enä hormat, asudalyk we agzybirlik, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk, edep-ekram, ýaşlaryň terbiýesi, adat-kadalara uýmak ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. 

 

Leýla NURYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.