logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Watansöýüjiligiň belent nusgasy
  09.05.2021
668
Watansöýüjiligiň belent nusgasy

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Babadaýhan etrabynyň çäginde hem Beýik Ýeňişiň şanly 76 ýyllyk baýramymynasybetli maslahatlar, baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri hem etrap Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda ,,Watan Gahrymanlary ýaşlar üçin nusgadyr” atly şygar astynda geçirilen baýramçylyk dabarasydyr. Etrap Medeniýet öýünde etrap häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen dabara hem baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Bu dabara şanly sene mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagyna bagyşlandy. Oňa edara-kärhanalarynyň, guramalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de ýaşlar gatnaşdy.

         Dabarada çykyş edenler toý ruhuna beslenen zala ýygnanan bagtyýar raýatlary Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli  gutladylar we  ýurdumyzda uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de tylda zähmet çeken enelere çäksiz sylag-sarpa goýulýandygy barada gürrüň etdiler.

         Baýramçylyk dabarasynda bilbil owazly aýdymçylaryň, folklor we wäşiler toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

         Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşanlar Beýik   Ýeňşiň  76 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çäreleri we berlen sowgatlar üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.