logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Poetry /Watanym bar
  19.12.2020
1435
Watanym bar

Pederlerden miras galan,

Ak şäherli Watanym bar.

Ajap bagta eýe bolan,

Ak şäherli Watanym bar.

 

Gök dereli, dagly düzli,

Gül çemenli ala ýazly.

Toý baýramly aýdym sazly,

Giň sähraly Watanym bar.

 

Älem içre adyň görýän,

Gelejege ganat gerýän.

Bagtyýarlyk bagtyn berýän,

Arkadagly Watanym bar.

 

Halysy bar nepis gölli,

Ak ertiri aýdyň ýolly.

Bereketli nur ygally,

Nuranaly Watanym bar.