logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Watanyma döneýin
  05.04.2020
961
Watanyma döneýin

Aýlansam ýer ýüzün tapylmaz deniň,

Gül abadan Watanyma döneýin.

Bardyr çölüň bardyr dagyň deňiziň,

Nur güneşli Watanyma döneýin.

 

Asmanyň arassa gadamyň şanly,

Baýdagyň parlaýar döwlet nyşanly.

Atalam bar mert menzilim aşanly,

Gül gülgüzar Watanyma döneýin.

 

Tarypyňa dessan ýazsam az ýaly,

Gyşyň gyş ýerinde ýazyň ýaz ýaly,

Dürslüge ugrlanan paýhas hyýaly,

Hoş niýetli Watanyma döneýin.

 

Arkadagym ganat gerer halkyna,

Ýagşy däpli ýörer öňe ýalkana.

Tär edilmez agzybirlik galkana,

Asly halal Watanyma döneýin.