logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Welaýatda güýzlük däne ekişi üstünlikli tamamlandy
  22.10.2019
923
Welaýatda güýzlük däne ekişi üstünlikli tamamlandy

    Ahal welaýatynyň ak ekin ussatlary geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini, ýurdumyzda ilkinji bolup, üstünlikli tamamladylar.  Olar 195 müň gektar meýdanda güýzlük däne ekişini geçirmek bilen, bu işiň ylmyň gazananlaryna we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny gazandylar.

    Welaýatda güýzlük däne ekişiniň irki möhletde tamamlanmagynda welaýat häkimligi tarapyndan öňünden görlen ähli taraplaýyn taýýarlyk işleri we tagallalar uly ähmiýete eýe boldy. Tehnikalar,  ýerler, tohumlar  möwsüme talabalaýyk taýýarlandy,  ekiş  geçiriji tehnikalar tejribeli mehanizatorlara berkidildi, ekişe  köpçülikleýin başlanmagy bilen, hyzmat ediji toparlaryň iş üstündäki hyzmatlary ýola goýuldy, zähmetleriň arasynda medeni we höweslendiriş çäreleri yzygiderli geçirildi. Munuň özi jogapkärli möwsümiň guramaçylykly alnyp barylmagyny şertlendirdi.

    Ekiş döwründe welaýat boýunça  ekiji traktorlaryň 495-siniň hyzmatyndan  peýdalanyldy. Ekin meýdanlarynda tehnikalaryň sazlaşykly hereketi netijesinde ekiş geçirilýän gektarlaryň hatary barha artdy. Möwsümde  welaýatyň  toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän bugdaý tohumynyň, esasan-da, «Kalim», «Batko»,  «Bagrat», «Sähraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk»  ýaly görnüşleri ekildi. Däne ekişini guramaçylykly, öz wagtynda geçirmekde, şeýle-de irki möhletde gögeriş gazanmakda welaýatymyzyň Gökdepe, Ak bugdaý, Sarahs we Babadaýhan etraplarynyň oba zähmetkeşleri aýratyn yhlaslylyk görkezdiler.