Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Welaýatlardaky kitaphanalara täze ýazylan raýatlaryň sany 10 müňden geçdi
  10.01.2023
523
Welaýatlardaky kitaphanalara täze ýazylan raýatlaryň sany 10 müňden geçdi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda welaýatyň kitaphanalarynda ildeşlerimize döwrebap kitaphana hyzmatlary amala aşyrylyp, okyjylaryň sany artdy. Anyk aýdylanda, geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda kitaphanalara täze ýazylan raýatlaryň sany 10 müň 100-den geçip, hasapda duran okyjylar 96 müň 640-a golaýlady.

Şanly ýylyň dowamynda dürli mazmunly kitaplaryň 430 müňe golaýy, şol sanda syýasy neşirleriň 65 müňden, çeper edebiýatlaryň 147 müňden, çagalar edebiýatlarynyň 108 müňden gowragy, beýleki neşirleriň 109 müňe golaýy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy. Welaýat kitaphanalarynyň, şol sanda etrap merkezi kitaphanalarynyň işgärleri tarapyndan elektron katalogyna salnan neşirleriň sany 11 müňden geçdi. Şol döwürde kitaphanalar tarapyndan okyjylaryň arasynda dürli çäreleriň onlarçasy geçirilip, olaryň täsirliligi gazanyldy.