logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Welaýatyň açyk birinjiliginde
  25.06.2019
1163
Welaýatyň açyk birinjiliginde

    Tejen  şäherindäki seýilgähde taýboksing boýunça Ahal welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ony Türkmenistanyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlarynyň federasiýasy hem-de Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilelikde gurady.

    Iki günläp dowam eden ýaryşa ýurdumyzyň Ahal, Mary, Balkan, Lebap welaýatlaryndan hem-de Aşgabatdan gelen türgenleriň 150-den gowragy  agram derejeleriň 10-sy boýunça özara güýç synanyşdylar. 2002-2008-nji ýyllar aralygynda doglan türgenleriň arasynda geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

     Ýurdumyzda ýaşlaryň sporta bolan höweslerini artdyrmak,  sportuň taýboksing görnüşini has-da ösdürmek we sportuň bu görnüşi boýunça ökdeleri  ýüze çykarmak we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde iň güýçli türgenler öňe saýlandy. Ýeňijiler şahsy we toparlaýyn kesgitlendi. Umumy toparlaýyn hasapda Aşgabat şäheriniň taýboksçulary birinji, Ahal welaýatynyň taýboksçulary ikinji, Mary welaýatynyň taýboksçulary bolsa üçünji orunlary eýeldiler.  Taýboksing görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň açyk birinjiliginiň almak ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlarynyň federasiýasynyň degişli guşaklary, medallary we hormat hatlary bilen sylaglandy.