logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Welosiped sürmegiň saglyk üçin peýdasy
  26.12.2022
1177
Welosiped sürmegiň saglyk üçin peýdasy

Häzirki wagtda ençeme sport görnüşleri bolup, şolaryň biri-de Welosiped sürmekdir. Welosiped sürmegiň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary diýseň kändir. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak ilkinji nobatda, adamyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyrýar. Dünýä ýüzünde esasan hem fiziki taýdan işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň beden saglygynyň işjeň däl durmuş ýörelgesine eýerýän adamlara seredende 35 göterim ýokarydygy hünärmenler tarapyndan subut edilen hakykatdyr. Welosiped sürlen mahalynda bedeniň ähli agzalary işjeň ýagdaýda bolýar, beden myşsalary berkeýär. Şeýle-de bedeniň immunitetit, ýagny dürli kesellere garşy durnuklylyk ukyby hem artýar. Uly ýaşly adamlarda geçirilen barlaglar netijesinde welosiped sürmegiň dem alyş ulgamynyň saglygyna örän ýaramlydygy, onuň sowuklama ýagdaýlaryny azaldýandygy, aýratyn hem hassalyk günlerini 40 göterime çenli azaldýandygy anyklanyldy. Şeýle hem welosiped sürmek bedeniň ortaça agramyny kadaly ýagdaýda saklamaga, horlanmaga hem ýardam edýär.

Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak gan aýlanyşy kadalaşdyryp, ýüregiň urşunyň tizligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa gan aýlanyş synalarynda keselleriň döremek howpuny peseldýär. Glazgo uniwersitetiniň bilermenleriniň 260 müňden gowrak adamda geçiren ylmy-gözleg işleri netijesinde welosiped sürmegiň ýürek kesellerine we rak keseline uçramak howpuny ýarym esse azaldyp biljekdigi kesgitlenildi. Welosiped sürmekligiň ýene-de bir peýdaly hem täsin tarapy, ony aşa sürüp ýadamaklyk ukyny gowulandyrýandygyndadyr.

Häzirki wagtda welosiped sürmek sportuň köpçülikleýin meşgullanylýan meşhur görnüşleriniň birine öwrülmek bilen, ol beden saglygyna iňňän peýdaly sport görnüşidir. Aýratyn hem, kiçi ýaşlardan başlap welosiped sürmeklige endik etmek ähli babatda saglyk üçin peýdalydyr. 

 

Didarjan KALANDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.