logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy
  10.04.2024
589
Wena şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Awstriýaň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha ösdürilýär. Ýaňy ýakynda Awstriýanyň Wena şäherinde medeni gatnaşyklara bagyşlanan birnäçe duşuşyklar geçirildi.

 


Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä geçirilen medeni duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” kitabynyň tanyşdyrylyşy bolup geçdi.

 


Çykyş edenler kitabyň ylmy, öwrediji we amaly ähmiýetine üns çekip, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolandygyny hem-de bu kitabyň Türkmen halkynyň medeni mirasy, geçmiş taryhyndan habar berýändigini aýratyn nygtap geçdiler.  

 


Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekýär. Olaryň açyşlary halkymyzyň beýik geçmişiniň bolandygyny tassyklaýar. 


Abdylkerim Agaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we Informatika institutynyň talyby.