logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär
  04.12.2025
500
Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär

Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 1-nji dekabrdan 15-nji dekabra çenli 2026-2027-nji okuw ýylynda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär.

 

Resminamalar 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan, 2025-2026-njy okuw ýylynda umumy orta mekdebi tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlaryndan kabul edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.

 

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

Dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

Hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

Umumy orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi); —SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.

 

Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen seçip alyş işi akademiki bahalandyryş synaglarynyň netijesine laýyklykda, bäsleşik esasynda geçiriler.

 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.
Te­le­fon bel­gi­le­ri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25.
Elekt­ron salgy­sy: admissioniuhd@gmail.com