logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Weteranlarymyza hormat goýýarys
  03.05.2020
964
Weteranlarymyza hormat goýýarys

        “Gahrymanlar baky diridirler” at bilen Bäherden etrabnyň Arçman şäherçesiniň Medenýet öýünde “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medalyny dabaraly gowşuryş çäresi guraldy. Bu çäre Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, hormatly ýaşulular, urşuň yzynda galan mährem eneler, etrabyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr zähmetkeşleri, hukuk we harby gullukçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep okuwçylarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

     Urşuň ýeňiş bilen tamamlananyna eýýäm 75 ýyl geçsede onuň ýüreklere salan agyr ýarasy heniz-henizler bitiberenok. Biziň geljegimiz üçin janllaryny pida eden gerçeklerimiz üçin çykyş edenler gahrymanlar biziň ýüreklermizde ebedidir diýip aýtdylar. Bäherden etraby boýunça urşa gatnaşan gerçeklerimiz öz ömri geçerçe wagt bolan hem bolsa  ganym urşuň pajygaly  günleri, geçen agyr ýollary,  şol agyr  pursatlarda  bir-biregi  goldap, ýeňişe bolan ynam, ýagşy-niýet bilen şu günlere ýetilendigi hakynda buýsançly gürrüň berdiler.