logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Weterinar lukmançylyk ulgamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar
  21.12.2023
734
Weterinar lukmançylyk ulgamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar

Ata Watanymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ösen tehnologiýalaryň hem-de sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy lukmançylykda hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Weterinar lukmançylyk ulgamynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar. Weterinar lukmançylygy babatda maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklara we raýatlara ýardam etmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak köp sanly ýeňillikleri döredýär.

 

 

Ýurdumyzyň maldarçylygyna, guşçylygyna, balykçylygyna we kinologiýasyna şeýle täze, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bu ugurlarda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi weterinar lukmanlaryň, zootehnikleriň, atşynaslaryň, balykçylaryň we kinologlaryň taýýarlanyşyna hem täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Weterinar hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlaryň degişli hünär dersleri boýunça düýpli bilimlere eýe bolmaklary, bu ugurda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananaryndan baş alyp çykarmak, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynda, degişli edara-kärhnalarda işleri sanly tehnologiýalar arkaly guramak we dolandyrmak, seljerme işlerini geçirmek, kompýuter-tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek babatynda ýüze çykýan zerurlyklar doly derejede üpjün edilýär.

 

 

Talyp-ýaşlaryň döwrebap gözýetime eýe, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş adýarys.

 

 

Nurmuhammet ŞAMYRADOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.