logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen çagyrdy
  08.05.2022
1181
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen çagyrdy

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki ýurduň Döwlet Baştutanlary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar hem-de gün tertibindäki ikitaraplaýyn möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda esasanam «Hazar bäşliginiň» çäginde türkmen-rus hyzmatdaşlygyny artdyrmak baradaky teklipler tassyklandy.

Söhbetdeşligiň barşynda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy resmi sapar bilen çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz, çakylygy uly hormat bilen kabul edip, minnetdarlygyny bildirdi.