logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Wodorod bilen hereket edýän «Toyota Hilux» awtoulagy tanyşdyryldy
  13.01.2023
924
Wodorod bilen hereket edýän «Toyota Hilux» awtoulagy tanyşdyryldy

Elektrikli awtoulag önümçiliginiň işini çaltlaşdyran «Toyota» kompaniýasy ýakynda, Taýlandda «Hilux» modeline esaslanan elektrikli «pickup» awtoulagyny tanyşdyrdy. Awtoulagyň haçan gara ýollarda peýda boljakdygy entek belli däl.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe kompaniýa uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin elektrikli awtoulaglaryň üstünde işleýär. Täze tanyşdyrylan «Toyota Hilux» awtoulagy hem wodorod bilen hereket edip, daşky gurşawa hiç hili zyýansyz şeýle hem ekologiýa taýdan arassa bolup durýar.

«Toyota» kompaniýasy nol zyňyndyly «Hilux» modeline esaslanan elektrikli «pickup» awtoulagyny öndürmek üçin Angliýanyň hökümetinden maliýe kömegini alar. Angliýada ýerleşýän «Rikardo», «ETL», «D2H» we «Thatcham» ýaly kompaniýalar hem «Toyota»-nyň bu taslamasyna goldaw berer.

Taslamanyň çäginde ilkinji synag awtoulaglary şu ýylyň dowamynda öndürilmegi meýilleşdirilýär. Eger geçiriljek synaglar üstünlik we önümçilik taslamasy oňaýly netije berse onda wodorod bilen hereket edýän «Toyota Hilux» awtoulagynyň önümçilik meýilnamasy durmuşa geçirilip bilner.

Wodorod bilen işleýän awtoulaglar hem elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar ýaly öz güýjüni elektrik energiýasyndan alýar. Şeýle-de bolsa, wodorod ulaglarynda batareýa ýok. Bu ulaglar içindäki wodoroddan elektrik energiýasyny alýarlar. 

 

Myratberdi ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.