logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /WOLEÝBOL OÝNY NÄDIP DÖRÄPDIR?
  08.07.2022
5669
WOLEÝBOL OÝNY NÄDIP DÖRÄPDIR?

     Woleýbol - bu sportyň olimpik görnüşi bolup, onuň esasy maksady pökgini garşydaşyň meýdanynyň ýarysyna düşmegi, ýa-da garşydaşyň toparynyň oýunçysy tarapyndan ýalňyşlyk goýbermegi bilen pökgini garşydaşa gönükdirmek ybarat. Bir hüjüm wagtynda pökginiň üç gezek yzly-yzyna degmegi rugsat edilýär. Woleýbol erkekleriň we aýallaryň arasynda meşhurdyr.

 Woleýbol oýny Holioka şäheriniň kollejiniň birinde fiziki terbiýäni berýän mugallym Uilýam DJ. Morgan tarapyndan döredildi diýip hasaplanylýar. Ol 1895-nji ýylda özüniň sapaklarynyň birinde tory 2 metr uzaklykda asdy we özüniň okuwçyaryna basketbol pökgisini zyňyp geçirmegi teklip etdi. Emele gelen oýny Morgan “Mintonet” diýip atlandyrdy.

  Iki ýyldan soňra woleýbol pökgisi döredildi we öndürijilige göýberildi. 1920-nji ýylyň ikinji ýarymynda Bolgariýada, ABŞ-da, Ýaponiýada we SSSR-de milli federasiýalar döredildi.

  1922-nji ýylda Bruklin şäherinde 23 sany erkek toparlarynyň gatnaşmagynda ilkinji döwletara ýaryşlar geçirildi.

  1947-nji ýylda Pragada erkekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi, 1964-nji ýylda bolsa woleýbol Tokiýanyň Olimpiýa oýunlarynyň düzümine goşuldy.

  9-njy fewral woleýbol oýnunyň döredilen güni hasaplanylýar.

  Ogultäç GURBANOWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy