logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Woleýbol ýaryşy geçirildi
  15.03.2023
965
Woleýbol ýaryşy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde gurnamagynda Tejen etrabynyň Tejen şäher sport mekdebinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Sagdyn ýaşlar döwrümiziň aýnasy» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşa etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 11-nji synp oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýetginjeklerden düzülen toparlaryň birnäçesi öz aralarynda güýç synanyşyp ussatlyklaryny görkezdiler.

Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşda etrabyň sport mekdebiniň topary 1-nji orna, 30-njy orta mekdebiniň topary 2-nji orna, 41-nji orta mekdebiniň topary 3-nji orna mynasyp boldular. 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary  gowşuryldy. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni
.