logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Woleýbol ýaryşy geçirildi
  08.04.2023
1263
Woleýbol ýaryşy geçirildi

Ýakynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygynyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýatynyň Tejen etrap bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn zenan-bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly şygar astynda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki sport mekdebinde etrabyň sport mekdebiniň toparlary hem-de orta mekdeplerde bilim alýan 10-11-nji synp okuwçy gyzlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Ýaryşda orta mekdeplerde bilim alýan gyzlardan düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Gyzgalaňly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryş ökdeleri öňe saýlady. Emin agzalaryň adalatly baha bermeginde ýaryşyň ýeňijileri saýlandy. Netijede Tejen etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 1-nji orna,  etrabyň 42-nji orta mekdebiň topary 2-nji orna, etrabyň 8-nji orta mekdebiniň topary 3-nji orna mynasyp boldular.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.