logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Wulkan görnüşli innowasion bina
  04.06.2022
1874
Wulkan görnüşli innowasion bina

Hytaýyň Haýnan welaýatynda täsin gurluşly kaşaň Çeperçilik-sungat merkeziniň ajaýyp binasy gurlar. Ýakynda onuň taslamasy tanyşdyryldy. Bu kaşaň bina daşky görnüşi boýunça reňkli wulkana çalym edýär. Haýnan welaýaty Hytaýyň günorta sebitinde ýerleşýän ada welaýaty bolup, bu ýerde bina ediljek bu täze innowasion bina daş-töwerekdäki gözel tebigy landşaftdan ylham alýar. Dürli öwüşginli reňkleriň utgaşmasyndan emele gelýän wulkan şekilli bina üç sany toplumdan ybarat bolup, olar opera, konsert zaly we teatr sungaty üçin niýetlenendir. Innowasion esasda guruljak bina hereket edýän dinamiki örtük bilen örtüler. Bular bilen birlikde binanyň taslamasynda dürli konsertdir-çykyşlara açyk asmanyň astynda tomaşa etmäge hem mümkinçilik döredilen. Täze guruljak bu sungat binasy 3800 adama niýetlenendir. Şeýle-de merkezde sungat, moda çykyşlary, döredijilik okuwlary üçin hem şertler dörediler. Gurluşygy şu ýylyň ahyrynda başlanmagy meýilleşdirilýän bu innowasion dizaýnly ajaýyp taslama ynsan dünýäsine täze-täze döredijilik mümkinçiliklerini açar.

Jemşit JUMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.