logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /«Xiaomi» elektrikli awtoulagyny synagdan geçirýär
  21.01.2023
1921
«Xiaomi» elektrikli awtoulagyny synagdan geçirýär

Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglaryna bolan uly gyzyklanma sebäpli köp tehnologiýa kompaniýalary bu bazara girişdiler.

Geçen ýyl Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy öz elektrik awtoulagyny öndürjekdigini we bu işi çaltlaşdyrjakdygyny mälim edipdi.

«Xiaomi» 2024-nji ýylda «Xiaomi Pilot» atly awtonom hereketlendiriji ulgamy bilen işleýän ilkinji elektrik awtoulagyny satuwa çykarmagy maksat edinýär.

Hytaýyň tehnologiýa komapniýasy «Xiaomi»-niň indiki ýyl satuwa çykarmagy meýilleşdirýän elektrik awtoulagy öň köpçülikleýin ýollarda synag edildi. Kompaniýa häzirki wagtda indi täze awtoulagynyň gyşky synaglaryny geçirýär.

Awtoulagyň 22 müň dollar bilen 40 müň dollar arasynda bolmagyna garaşylýar.