logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ýabany arça agajy
  12.06.2021
1342
Ýabany arça agajy

Ýurdumyzyň Bäherden etrabynyň daglyk ýerlerinde ýaýran ýalaňaç tohumly ösümlikleriň biri hem ýabany arçadyr. Ol gurakçylyga çydamly ösümlikdir. Arça agajynyň ýabany ösýän görnüşleri Köpetdagda we uly Balkanda duş gelýär. Miwesinde efir ýagy, sirke we garynja kislotalary bar. Miwesinden we gök pudajygyndan alynýan ýakymly ysly efir ýagy lukmançylykda inçekeseli, böwrek keselini bejermekde we ýaralara çalynýan melhem taýýarlamakda peýdalanylýar. Özünden bölüp çykarýan uçujy fitansid maddalary bilen howany zyýanly mikroorganizmlerden arassalaýar. Arçanyň ýabany ösýän görnüşleri dag eňňitleriniň yzgarlylygyny saklamaga kömek edýär. Ol uzak ýaşaýan agaçdyr. Müň ýyldan hem uzak ýaşaýan ýabany arça agajyna duşmak bolýar. Dagyň aşaky eňňitlerinde arça agaçlary az duş gelýär. Olar örän haýal ösýär we kynlyk bilen köpelýär. Şol sebäpli ýabany arçalary aýawly saklamak möhümdir. Bu gymmatly agaçlar Türkmenistanyň tokaý hojalyklarynda ekilýär we köpeldilýär.