logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Ýady hemişe ýiti saklamagyň 5 usuly
  01.09.2022
1020
Ýady hemişe ýiti saklamagyň 5 usuly

Adamyň ýady örän çylşyrymlydyr we näçe köp üstünde türgenleşseňiz,  şonça-da köp gowy netijeler gazanarsyňyz.

 

 

Alymlaryň aýtmagynda görä, ýady gowulaşdyrmak hakykatdanam mümkin. Ine, bu makalada ýady hemişe ýiti saklamagyň 5 usulyny jemledik.

1. Ünsi jemlemegi öwreniň - Ilki bilen ünsi jemlemegi öwreniň! Konsentrasiýa ýady gowulaşdyrmak üçin möhüm faktordyr. Daş-töweregiňizdäki düşünjelere we wakalara pikiriňizi açmaga şeýle-de maglumaty uzak möhletli ýatda saklamaga mümkinçilik berýär.

 

 

2. Ýatladyjylardan peýdalanyň - Ýatlamak ukybyňyzy ýokarlandyrmaga kömek edip biljek käbir usullardan we gurallardan peýdalanyň. Käbir adamlar munuň üçin kiçijik ýandepderçelere bellik etmekden peýdalanýar. Bu bolsa ownuk zatlary doly öwrenmek, sözleýiş usullaryny ösdürmek üçin örän möhümdir.

 

 

3. Ýadyňyzy kämilleşdiriň - Hemme zady öwrenip bilmerin diýip ýalňyş pikir etmäň. Beýlekileriň edýän işleri bilen özüňiziňkini deňeşdirmäň, özüňizi günäkär duýmaň. Ýady gowulaşdyrmak üçin diňe dogry usul bilen kämilleşdirmek gerek. Özüňizi biynjalyk edýän duýgulardan dynyň.

 

 

4. Gaty ses bilen okaň – Aňymyzyň işinden doly peýdalanmak üçin ýene bir usul, ýatda saklanjak tekstiň möhüm böleklerini sesli okamakdyr. Gaty ses bilen okamak, öňüňizdäki materialy ýatda saklamak ukybyny ýokarlandyrýar.

 

 

5. Täze usullardan peýdalanmak arkaly ýady kämilleşdiriň - Ýat hemişe kämilleşdirilmelidir. Her gezek şol bir usullardan peýdalanmak akyl ýaltalygyny döredip biler. Şonuň üçin adaty bolmadyk täze usullardan peýdalanyň we ýadyňyzy kämilleşdiriň. Esasan hem ulanmadyk dürli usullary gözläň.