logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ýakyn wagtda Türkmenistan miwe-gök önümleriniň iri eksportçysy bolup biler
  19.09.2022
1048
Ýakyn wagtda Türkmenistan miwe-gök önümleriniň iri eksportçysy bolup biler

Tükmen ekerançylary miwe we gök önümlerini ýetişdirmekde şeýle-de olary daşary ýurtlara eksport etmekde uly işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini pugtalandyrmakda esasan hem Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň telekeçileri tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda hususy hojalyklaryň onlarçasy 670 gektar ýyladyşhanalarda gök ekinleri ýetişdirýärler.


Galla önümleriniň alty müň tonna golaýy daşary ýurtly alyjylara iberildi. Eksporta önüm ugratmaga ymtylýan telekeçiler şu ýyl eýýäm ýüzlerçe tonna künji tohumyny, pisse, jöwen, noýba, ýorunja satdylar. Mäş ekilýän meýdanlaryň möçberi artdy. Şu ýyl ilkinji gezek 2,3 müň tonna mäş ýygnaldy. Häzir gök we bakja ekinleri 38 müň gektar meýdana ekildi, telekeçilerimiz şol ýerlerde hyýar, bolgar burçy, käşir, garpyz, gawun, ýertudana we banan ýetişdirýärler. Türkmen gök önümlerine ajaýyp tagamy üçin GDA bazarlarynda ýokary baha berýärler.


Miweli baglaryň ekilýän meýdany-da ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda bagçylyk hojalyklary 14 müň gektar meýdandan agdyk ýerden 37 müň tonna miwe ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.