logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Ýandak ösümligi»
  15.09.2021
10131
«Ýandak ösümligi»

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hökmünde hem ýandak ösümligidir.

Ýandak ösümligi ynsan saglygy üçin örän peýdaly ösümlikleriň biri hasaplanylýar. Ýandak ösümligi adamlaryň durmuşynda çalşyp bolmajak ösümlikleriň biri bolup, oňa başgaça (düýe tikeni) diýip atlandyrýarlar. Bu ösümligiň köki 20-30 metr çuňluga çenli kök urup, islendik çuňlukda özüne gerekli suwy tapyp bilýän ösümlik hasaplanýar. Öňki döwürlerde bu ösümligiň ýokarsyny kesip gawun ýa-da garyz tohumlaryny içine sapyp olardan hasyl alypdyr. Ýandak ösümligi köp ýyllyk ösümlik bolup ol örän ýylylyga çydamly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Ýandagyň köp dermanlyk aýratynlyklary bolup, onuň gyzyl gülgüne güllerini guradyp dürli görnüşde dermanlyk çaýlary taýýarlanylýar. Ýandagyň gülünden demleme çaý adamyň aşgazan asty mäzleriniň işleýşine, böwrek kesellerinde, iç geçme, içki organlaryň sowuklamalaryna, on iki barmak içegelerinde döreýän sowuklamalara örän peýdaly hasaplanylýar. Ýandagyň dermanlyk üçin diňe bir gülleri ullanylman, eýsem onuň kökleri we ýapraklary hem ullanypdyr.

Onuň kökünde «C» witamini, taninler, alkaloidler we kumarinler bar bolup, ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanýar. Şeýle hem onuň ýapraklarynda kislotalar, rezin, efir ýaglary, kateşinler, we flawondinler bar. Ýandak dermanlyk ösümligini gadymy döwürlerde we häzirki döwürde halk lukmançylygynda has-da giňden ulanyp adamyň içki organlarynda döreýän kesellerde giňden ulanýarlar.