logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ýangyç-energetika pudagy ösüşlere beslenýär
  28.10.2023
769
Ýangyç-energetika pudagy ösüşlere beslenýär

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär.

 

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

 

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýär. Şu nukdaýnazardan, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň innowasion syýasatyna laýyklykda, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen berk baglydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna hyzmat edýär.

 

 

Meýlis Arnagulyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 
dil taýýarlyk toparynyň talyby.