logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Ýantar kislotasynyň peýdaly aýratynlyklary
  22.02.2023
1517
Ýantar kislotasynyň peýdaly aýratynlyklary

Ýantar kislotasy ösümlikleriň we haýwanlaryň ähli dokumalarynda diýen ýaly bolýar. Ýantar kislotasynyň duzlaryna suksinatlar diýilýär, şonuň üçin ýantar kislotasy başgaça suksin kislotasy diýip hem atlandyrylýar. Ol köplenç iýýän iýmitlerimiz bolan peýnir, brokkoli, sogan, şugundyr, täze et, deňiz önümleri, hamyrmaýa, süýt önümleri we beýlekilerde tapylýar.

Iýmitlerde suksin turşusynyň bolmagy olaryň ýokumlylygyny ýokarlandyrýar, ýöne has çalt we has gowy metabolizm sebäpli doýma duýgusy has çalt gelýär, şonuň üçin ony az kabul etmek peýdalydyr.

Ýantar kislotasy aslynda diňe bir häzirki wagtda däl, eýsem XVII asyrda ilkinji gezek gazylyp alynýan galyndylardan sintez edilipdir. Ol arassalanan görnüşde, suwda we spirtde aňsatlyk bilen eräp bilýän, ak, reňksiz diýen ýaly kristallar. Häsiýeti boýunça limon we alma kislotalaryna meňzeşdir. Azyk önümlerinde E363 iýmit goşundysy görnüşinde kislotaly we tagam beriji serişde hökmünde ulanylýar. 

Suksin kislotasynyň peýdaly aýratynlyklary 

Limon kislotasy ýaly, ýantar kislotasy öýjükleriň içindäki metabolik proseslerde, ýagny madda çalşygynda möhüm rol oýnaýar we onuň esasy netijesi glýukozadan energiýa öndürmek bolan Krebsiň aýlawyna gatnaşýar. Bu aýlawdaky reaksiýalaryň birinde metabolik proses üçin zerur bolan suksin kislotasy sintez edilýär. Adam bedeni bu kislotany özbaşdak sintez edýär, ýöne iýmit bilen ýa-da iýmit goşundysy hökmünde alanymyzda, öýjüklerimiziň işjeňligi ep-esli ýokarlanýar we köp energiýa tygşytlanylýar hem-de energiýa, suw we kömürturşy gazyny bölüp çykarmagy çaltlaşdyrýar. Şol sebäpli bedende energiýa deňagramlylygynyň bozulmagynyň öňüni almak üçin suksin kislotasy zerurdyr we onuň täsirinde köp sanly beden içindäki amallar has çalt ýüze çykýar:

zäherli maddalaryň dargadylmagynyň we bedenden çykarylmagynyň tizligi ýokarlanýar;
• antioksidant täsiri bar;
• nootrop hereketi bar (netijeliligi we akyl işjeňligini ýokarlandyrmak);
• garramagyň öňüni alýar;
• immuniteti güýçlendirýär;
• bedeniň kislota-esas balansyny kadalaşdyrýar;
• agram kadaly ýagdaýa gelýär;
• allergiki täsirler hem azalýar.
 

Şonuň üçin ýantar kislotasy bedeniň fiziologiki işjeňligini kadalaşdyrýan madda hökmünde peýdaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. 

 

Temurbek ORAZMETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.