logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaponiýa 2024-nji ýylda kosmosa agaçdan ýasalan emeli hemrany uçurar!
  06.06.2023
1037
Ýaponiýa 2024-nji ýylda kosmosa agaçdan ýasalan emeli hemrany uçurar!

Ýaponiýa 2024-nji ýylda kosmosa agaçdan ýasalan emeli hemrany uçurar. Agajyň kosmosdaky ýokary berkligi ýakynda Kýoto uniwersitetiniň alymlarynyň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan Halkara kosmos stansiýasynda synag edildi we tassyklandy.

Halkara kosmos stansiýasynda agaçlaryň çydamlylyk derejesini barlamak üçin dürli agaç nusgalarynda synag edildi. Netijede agaçlaryň käbir nusgalary minimal derejede ýaramazlaşdy we oňat durnuklylygy üpjün etdi. Ýere getirilen agaç nusgalarynyň güýç synaglary we kristal gurluş derňewleri ýaly deslapky synaglar hem geçirildi.

Kýoto uniwersiteti tarapyndan berlen beýanata görä, kosmosda howanyň temperaturasynyň üýtgemegi we güýçli kosmiki şöhlelere we howply gün bölejiklerine täsir etmek ýaly aşa ýaramsyz şertlere garamazdan, agaç nusgalarynda hiç hili üýtgeşiklik tapylmady.

Halkara gözleg topary, ýapon dilinde «Hoonoki» diýlip atlandyrylýan Magnolia agajynyň 2024-nji ýylda NASA we Ýaponiýanyň kosmos gullugy «JAXA» tarapyndan bilelikde uçurylmagyna garaşylýan «LignoSat» emeli hemrasynda ulanyljakdygyny kesgitledi.

Alymlar Magnolianyň has ýokary işleýiş ukybynyň, ölçegli durnuklylygynyň we umumy güýjüniň bardygyny şonuň üçin hem kosmosda ulanmagyň has oňaýly boljakdygyny aýdýarlar. 

 

Arslan BAKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.