logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Ýaponiýa Aýy öwrenmek üçin mini robotlary uçurar
  27.03.2022
1436
Ýaponiýa Aýy öwrenmek üçin mini robotlary uçurar

Ýapon oýunjak öndüriji kompaniýasy “Tomy” Aýyň ýüzüni öwrenmek üçin öndürilen kiçi robot bilen tanyşdyrdy. Öňümizdäki ýyllarda käbir ýurtlar, esasanam ABŞ, Ýeriň emeli hemrasy bolan Aýy öwrenmek üçin birnäçe kosmos uçuşlaryny amala aşyrar. Bu ýurtlaryň ýene biri bolsa Ýaponiýadyr.

Ýaponiýa şu ýyl Aýyň ýüzüni öwrenmek üçin beýsbol ölçegindäki kiçi roboty Aýa uçurar. Bu kiçijek oýunjak görnüşli robot ýapon kompaniýasy “Tomy”, Ýaponiýanyň kosmos gözleg gullugy “JAXA” we “Sony” ýaly beýleki hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar bilen bilelikde 6 ýyldan gowrak wagtda öndürildi.

Diametri 8 santimetr we agramy 250 gram bolan ýasy togalak görnüşli robot “Sora-Q” diýlip atlandyrylýar. Robotyň iki gapdaly şeýle-de öň we arka tarapy ýörite kameralar bilen üpjün edilen. Bu bilen robot düşüren suratlaryny Ýere ugradyp biler.

Ýaponiýaly hünärmenler robotyň beýle kiçi bolmagyny döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlarda ýetip biljek oňaýsyz täsirleri azaltmak we tygşytlylyk ýaly ýagdaýlar bilen düşündirilýärler. Robot şu ýyl synag hökmünde, öňümizdäki iki ýyl bolsa tassyklanan we bellenilen tertipde Aýa uçurylar.

Kakageldi IŞANGULYÝEW, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.