logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaponiýa «COVID-19»-y möwsümleýin dümew kategoriýasyna goşdy!
  09.05.2023
1014
Ýaponiýa «COVID-19»-y möwsümleýin dümew kategoriýasyna goşdy!

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi agyr ýitgä sebäp bolýan we dem alyş ýetmezçiligini şeýle-de inçekesel ýaly keselleri öz içine alýan «Kod 2» kategoriýasyndan «COVID-19»-y aýyrdy.
Täze karara laýyklykda, «COVID-19» kanuny taýdan möwsümleýin dümewiň girýän topary bolan «Kod 5» kesel kategoriýasyna giriziler. Şunuň bilen baglylykda, epidemiýa bilen baglanyşykly synaglar we karantin amallary ýatyryldy.
Mundan başga-da, «COVID-19» bilen baglanyşykly hökmany düzgünler we olary ýerine ýetirmezlik üçin jeza çäreleri hem ýatyryldy.
Öň käbir saglyk edaralarynda bejergi alýan «COVID-19» hassalary, ýurduň keselhanalarynda degişli hyzmatlary almak hukugyna eýe bolup bilerler. Agyz-burun örtügi bolsa ýurtda 13-nji martdan bäri halkyň öz islegine görä galdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Koronawirus ilkinji gezek Hytaýyň merkezi Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde tapyldy. 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «COVID-19» diýlip atlandyrylýan wirusy pandemiýa diýip yglan etdi.

 

Maýa SERDAROWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.