logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär
  06.12.2025
420
Ýaponiýa-Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammitiň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Ýaponiýanyň hökümeti 19–20-njy dekabr günlerinde Tokioda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammit geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni “Nippon.com” neşiri habar berdi.

 

Häkimiýetde duran Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) wise-prezidenti Taro Aso “Ýaponiýa–Merkezi Aziýa” dostluk ligasyndaky çykyşynda bu meýilnamalar baradaky maglumatlary beýan etdi.

 

Sammitiň dowamynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmeginiň hem mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogy 2004-nji ýyldan bäri Ýaponiýanyň Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meýdançasy bolup durýar. Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalaryň amala aşmagyna ýardam berýär.

 

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.