logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ýaponiýada güýçli ýagan ýagyş sebäpli 408 müň adam ewakuasiýa edildi
  03.09.2022
736
Ýaponiýada güýçli ýagan ýagyş sebäpli 408 müň adam ewakuasiýa edildi

Ýurduň dürli künjeklerinde, esasanam Şizuoka welaýatynda güýçli ýagan ýagyş, durmuşa ýaramaz täsir etdi. Hamamatsu şäherinde güýçli ýagan ýagyş, derýalardaky suwuň mukdarynyň iň ýokary derejä ýetmegine şeýle-de suwuň joşmagyna getirdi. Howply we töwekgelçilikli sebitlerde 172 müň 698 maşgalada ýaşaýan, 408 müň 933 adam ewakuasiýa edildi.

 

 

Güýçli ýagyş, Ýaponiýanyň transport pudagyna hem ýaramaz täsir etdi. Ýurduň käbir sebitlerinde ýokary tizlikli demirýol liniýalary wagtlaýyn togtadyldy. Ýaponiýanyň Meteorologiýa Guramasy, ýurduň Kakegawa hem-de Hamamatsu şäherlerinde taýfun bolup biljekligi baradaky duýduryşy berdi. Häkimiýetler sebitiň ýaşaýjylary üçin zerur bolan çäreleri gördüler.