logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaponiýada ilatyň dogluş derejesi peselýär!
  25.01.2023
949
Ýaponiýada ilatyň dogluş derejesi peselýär!

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida milli mejlisiň nobatdaky mejlisinde çykyş edip, ýurduň syýasaty, ykdysadyýeti, içerki we daşary syýasatdaky soňky ýagdaýlara ünsi çekdi.

Kisida - ýurduň çaga dogluş derejesiniň peselmegi bilen Ýaponiýanyň «sosial funksiýalaryny ýitirmek howpundalygyny», şonuň üçin çagalary terbiýelemek syýasatlaryna ünsi jemlejekdigini belledi.

Şeýle hem ýurduň premýer-ministri, dogluş derejesini ýokarlandyrmak boýunça kömekleriň we ýeňillikleriň beriljekdigini we bu meseläni durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryň goýuljakdygyny mälim etdi.

Belläp geçsek, Ýaponiýanyň geçen 2022-nji ýyldaky çaga dogluş sany ilkinji gezek 800 müňden aşak pese gaçdy. Häzirki wagtda ýurduň ilat sany 124,77 milliona golaý bolup durýar.