logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýaponiýada Nanmadol taýfuny sebäpli 8 million adama ewakuasiýa duýduryşy berildi
  19.09.2022
884
Ýaponiýada Nanmadol taýfuny sebäpli 8 million adama ewakuasiýa duýduryşy berildi

Gündogar Aziýada ýüze çykan Nanmadol taýfunyň täsirinde bolan Ýaponiýada 8 milliondan gowrak adama ewakuasiýa edilmegi baradaky duýduryş berildi.


Şu ýyl ýurtda jemi 14-den gowrak howply taýfun hadysasy hasaba alyndy. Şolaryň biri hem Nanmadol taýfuny bolup durýar. Bu uly taýfunyň esasan ýurduň Kyuşu, Şikoku ve Çuugoku sebitlerine erbet täsir edip biljekdigi aýdyldy. Degişli sebitlerde adatdan daşary ýagdaýlarda kömege ýetişer ýaly ýörite toparlar düzüldi.


Ýaponiýanyň Gidrometrologiýa Guramasy ýurduň birnäçe sebitinde güýçli ýagşyň ýagjakdygy baradaky duýduryşy berdi.