logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Ýaryş çekeleşikli geçdi
  20.10.2020
1035
Ýaryş çekeleşikli geçdi

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdy ruhybelentligiň we sagdynlygyň mekanydyr. Şu mynasybetli Türkmenistanda häli-şindi sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip durulýar. Golaýda Tejen şäherinde ýerleşýän 350 orunlyk sport mekdebinde 30 ýaşdan ýokary erkek adamlaryň arasynda sportyň “woleýbol” görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Tejen, Babadaýhan, Kaka etraplaryndan, Altyn asyr we Tejen şäherinden hem-de Tejendäki harby şäherçeden ýaşaýjylaryň sportyň bu görnüşine höwesjeň türgenler gatnaşdy. Ýaryş olaryň diýseň taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Woleýbol ýaryşy çekeleşikli hem-de bäsleşikli geçmegi bilen tapawutlandy.

     Netije-de, güýçliler we ökdeler öňe saýlandylar. Baýrakly 1-nji orny Tejendäki harby şäherçäniň türgenleri eýelemägi başardylar. Bu ornyň baýragyna mynasyp boldylar. 2-nji we 3-nji orunlary Babadaýhan etrabynyň hem-de Altyn asyr şäherçesiniň türgenleri mynasyp boldylar. Ýaryşyň ýeňijilerine Ahal welaýatynyň Tejen şäher Sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýaryş ýaşlaryň hem-de ýaşaýjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.