logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýaryş güýçlüleri saýlady
  17.04.2023
727
Ýaryş güýçlüleri saýlady

Tejen etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň gatnaşmagynda etrabyň Sport desgasynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletiň sagdyn ýaşlary» ady bilen sport ýaryşy geçirildi. Bu çärede mekdep okuwçylary sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Sportuň futbol, küşt, şaşka görnüşleri boýunça guralan bu ýaryşlar dabaraly ýagdaýda açyldy. Onuň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň döwründe türkmen sportunyň arşa galýan abraýy, sport bilen meşgullanmaga döredilen şertleridir mümkinçilikler hakda söz açyp, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra ýaryş badalga aldy. Ol ýere ýygnananlar ilki bilen, woleýbol ýaryşy hem turuwbaşdan uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ýaryşyň aýgytly duşuşygynda etrabyň 41-nji hem-de 30-njy mekdeplerinden saýlanan iki  toparlaryň arasynda boldy. Onda iki toparyň agzalary diýseň owadan oýun görkezdiler. Netijede 41-nji orta mekdebiniň topary garşydaşyndan has güýçlüdigini subut etdi hem-de woleýbol ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Küşt we şaşka ýaryşlarynda hem öz ukyp-başarnygyny synamaga höwes eden okuwçylar köp boldy. Gyzykly duşuşyklar olaryň arasynda iň güýçlülerini ýüze çykardy. Şeýlelikde ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda bolsa ýeňijiler sylaglandy. Olara ýaryşy guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda geçirildi. 

 

Gulmuhammet SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň
başlygy.