logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /“Ýaş aýdymçylaryň bäsleşigi”
  15.06.2022
1294
“Ýaş aýdymçylaryň bäsleşigi”

Gahryman Arkadagymyzyň öz mähriban halkyna peşgeş beren bagtyýar zamanasynda ýaşaýan agzybir türkmen halky dünýäniň ýüzünde şahandaz millet hökmünde tanalýar. Türkmen öýüniň törüni mydama ýagşy niýetiň, toýuň sebäpkäri bolan dutar bezäpdir. Aslynda türkmenleriň aýdyma hiňlenmeýäni goşgy goşmaýany seýrekdir. Halkymyzyň milli medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna ruhy hazyna hökmünde garaýan we bu gymmatlyklara ýokary baha berýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz döredijilik işgärlerine uly sarpa goýýar. Şu nukdaýnazaryndan hem ýurdumyzda her ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär we yzygiderli geçirilýär. Bular barada gürrüň edilende Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşigi, ýeri gelende bellesek bu bäsleşik her ýyl täze zehinleri ýüze çykarýar, şeýle-de bu bäsleşigiň çäklerinde ýaş aýdymçy zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen döwlet derejesinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşigidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň çäklerinde Ahal welaýaty boýunça geçirilen “Ýaňlan diýarym-2022” bäsleşigi üstünliklere beslenip geçdi. “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşiginiň geçirilýän ýeri bolan Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdança toý lybasyna bürendi. Ahal welaýatynyň zehinli ýaşlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde welaýatyň aýdym-saz ussatlary uly höwes bilen çykyş etdiler. Bäsleşikde çykyş eden her bir aýdymçy örän ussatlyk bilen çykyş etdi. Bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Emin agzalaryna ýeňijini saýlamak aňsat düşmedi. Emma bäsleşik bäsleşik bolýär. Bäsleşikde Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy Batyr Şalarow we Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy Ýagşygül Mämmedowa dagylar ýeňiji bolup, olar döwlet derejesinde geçiriljek “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar we Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýeňijilere gelejekde ýurdymyzyň waspyny ýetirmekde, döredijilik we aýdym-saz äleminde uly üstinlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler. Ahal topragynda geçen bu bäsleşik uly üstünliklere beslenip geçdi.