logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ýaş deňizçi hünärmenleriň gutardyş dabarasy boldy!
  16.02.2023
1075
Ýaş deňizçi hünärmenleriň gutardyş dabarasy boldy!

Golaýda, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde gutardyş dabarasy boldy. Ýaş hünärmenlere ak ýol arzuw edildi.

Dabarada çykyş eden bilim işgärleri döwlet Baştutanymyzyň güneşli Diýarymyzyň durnukly ösmegi üçin kämil ruhy-ahlak, paýhas gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy hemişe üns merkezinde saklaýandygyny, ökde hünärmenleriň kemala gelmegi ugrunda uly işleriň durmuşa geçirýändigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaranyň ahyrynda «Deňiz tolkunlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, küştdepdileri ýatdan çykmajak ýakymly pursatlaryň şowhunyny has-da artdyrdy.

Belläp geçsek, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebindäki talyplar «Gämi sürüjilik», «Gämi energetiki gurluşlaryny ulanmak», «Gämi gurluşygy», «Logistikada operasion işi» we başga-da ençeme ugurlar boýunça bilim alýarlar. Olaryň öwrenýän nazary bilimleri okuw tejribelikleri bilen utgaşdyrylýar. Okuw tejribelikleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýörite bölümlerinde we türkmen deňizçilerine niýetlenen täze gämilerde geçirilýär. Bu bolsa deňizçilik orta hünär okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň ösen tehnologiki enjamlardan doly baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.